Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Kiýewe uran zarbasynda 9 adam heläk boldy, 70-den gowragy ýaralandy


Kiýew urlan zarbalarynyň netijeleri
Kiýew urlan zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň harby güýçleriniň 24-nji aprele geçilýän gije Ukrainanyň paýtagty Kiýewe gönükdiren giň gerimli zarbasynyň netijesinde azyndan 9 adam heläk boldy, 70-den gowrak adam dürli derejeli şikesler bilen keselhana ýerleşdirildi.

Ukrainanyň resmileriniň maglumatyna görä, Russiýanyň zarbalarynda şäheriň dürli künjeklerine dronlar hem-de raketalar atylypdyr. Bu hüjüm diňe bir paýtagt bilen çäklenmän, ýurduň beýleki birnäçe sebitlerini hem nyşana aldy.

Kiýewde birnäçe jaýda ýangyn ýüze çykdy. Zarba ýaşaýyş jaýlaryna, administratiw we senagat binalaryna, şeýle-de awtoulag duralgalaryna zeper ýetirdi.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň maglumatyna görä, ýaralananlaryň arasynda alty çaga hem bar.

Russiýa şeýle-de Žitomir, Dnepropetrowsk, HarkIw, Poltawa, Hmelnitskiý, Sumy we Zaparožje oblastlaryna hem zarba urdy. Bu sebitlerde hem azyndan üç adamyň, şol sanda bir halas edijiniň şikes alandygy habar berilýär.

Ukrainanyň Howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa bu hüjümde 50 golaý ganatly we 11 ballistik raketany, şeýle-de 145 sany drony atdy. Bu raketalaryň ýarsyndan gowragynyň ukrain güýçleri tarapyndan urlandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG