Russiýanyň prokuraturasy Moskwanyň etegindäki ulag partlamasynda rus generalynyň ölümi bilen ilteşikli bolmakda güman edilýäne aýyplama bildirdi. Derňew komiteti onuň bu iş üçin Ukrainanyň aňtaw gulluklary tarapyndan töleg alandygyny öňe sürýär.
27-nji aprelde Russiýanyň Derňew komiteti Ignat Kuziniň general-leýtenant Ýaroslaw Moskaligiň öldürilmegi bilen baglanyşykly terrorçylyk aýyplamasy bilen jogapkärçilige çekilendigini habar berdi.
Sud derňew işleri tamamlanýança ony tussaglykda saklamak barada höküm çykardy.
Moskaligiň ölümine sebäp bolan 24-nji apreldäki bomba hüjümi barada Ukraina tarapyndan hiç hili kommentariýa berilmedi.
Ýaroslaw Moskalik Russiýanyň Baş ştabynyň planlaşdyrma bölüminde işleýärdi. Onuň 2022-nji ýyldaky Ukraina garşy giň gerimli çozuş meýilnamasyna gatnaşandygy hem aýdylýar.