Daşary ýurtlaryň maliýe söwdagärleri global walýuta bazarlaryndaky ýagdaýlara öz ekranlaryna syn edýärkä, Merkezi Aziýanyň zähmet migrantlary hem ýagdaýy Russiýanyň dürli şäherlerinden uly üns bilen yzarlaýarlar.
Trampyň administrasiýasy ägirt uly salgyt paketini yglan edeli bäri dünýä bazarynda emele gelen tolgunyşyklar wagtynda ABŞ-nyň dollarynyň bahasy peseldi, rus rubly bolsa birden ýokarlandy.
Bu ýagdaý Russiýadaky migrantlaryň öýlerine has köp pul ugradyp biljegini aňladýar.
"Adamlar pul ugratman birnäçe aý garaşýarlar we alyş-çalyş kursunyň ösmegini umyt edýärler. Munuň bolan ýagdaýynda olar dessine banka ylgaýarlar ýa-da pul ugratmak boýunça telefon tilsimlerinden ugradýarlar. Olar üçin amatly pursat döredi" diýip, Nowosibirskde işleýän 60 ýaşly täjik migranty Ali aýtdy.
Şu makala üçin interwýu beren beýleki migrantlar ýaly Alinyň doly ady hem howpsuzlyk aladalary sebäpli görkezilmeýär. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Orsýetde gadagan edildi we radio bilen gepleşmek howply bolup bilýär.
"Rublyň ýokarlanmagy biz üçin bähbitli. Maşgalanyň bir aý eklenmegi, azyk ýa-da derman satyn alyp bilmegi muňa bagly bolýar" diýip, Ali aýtdy.
Dünýä Bankyna görä, zähmet migrantlarynyň ugradýan puly Täjigistanyň umumy içerki önümçiliginiň 45% emele getirýär. Gyrgyzystanda bu görkeziji 24%-den, Özbegistanda 14%-den ybarat. Bu pullaryň köpüsini raýatlar Russiýadan ugradýarlar.
'Pul ýaşaýyşa ýetenok'
Täjigistanly Daler Moskwada işleýär. Ol öz maşgalasyna her aýda 10 müň rubl ugradýar. 23-nji apreliň çalyşyk kursuna görä bu 123 amerikan dollaryna barabar. Ýanwar aýynda 10 müň rubl 90 dollara barabardy.
"Aýalym öň 'pul geldi, iki hepde zordan gün göreris' diýerdi. Indi ol azajyk tygşytlamagy hem başarýar".
Daleriň maşgalasy bu pullary täze jaý gurmak üçin ulanýar. "Bir halta sement satyn alnardy, indi iki sanysyny satyn alyp bilerin. Hemme zat elýeterli boldy: gurluşyk materiallary we iýmit."
Gyrgyzystanly taksi sürüjisi Anara birnäçe ýyl bäri Russiýada işleýär.
"Biz işiň gapdalyndan ýene goşmaça iş tapardyk, bir gije dört sagat uklardyk. Goşmaça işlemän, ipoteka töläp, maşgalamyzy iýmitlendirip bilmerdik" diýip, zenan "Indi ýeterlik pulumyz bar" diýip gürrüň berdi.
47 ýaşly Nigoranyň Täjigistanda dört çagasy we garry enesi bar. Ol gündiz kafede gap-gaç ýuwýar, gijesi bolsa arassalaýjy bolup işleýär.
Her gün irden zenanyň özi we kärdeşleri soňky wakalary we olaryň alyş-çalyş hümmetine nähili täsir edip biljekdigini ara alyp maslahatlaşýarlar.
"ABŞ-nyň [ýörite wekili Stiw] Witkoff Moskwa geleninde walýutanyň çalyşyk hümmeti ýokarlandy. Tramp Russiýanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi barada aýdanda, birden rubl birneme pese gaçdy" - diýip, Nigora aýdýar.
Bu üýtgäp durujylyk rublyň häzirki güýjüniň uzak saklanyp bilmejekdigini ýatladýar.
Ýaňy-ýakynda "Roýters" tarapyndan ykdysatçylara salgylanyp, çap edilen maglumatda rublyň ýylyň aýagyna çenli ýene peselip, bir dollaryň 100 rubl töwereginde boljakdygy çak edildi. 23-nji aprelde Moskwanyň günortan wagty 1 dollar 82,9 rubla barabardy.
Russiýanyň migrantlara gysyşy
Düýbi Londonda ýerleşýän Merkezi Aziýa boýunça “Due Diligence” guramasynyň başlygy Alişer Ilhamow rublyň ýokarlanmagynyň sebäbi hökmünde Russiýadaky ýokary talaby, Waşington bilen gatnaşyklaryň gowulaşmagyny we dollaryň umumy gowşaklygyny görkezdi.
"Öňümizdäki aýlarda rublyň hümmeti esasan nebitiň bahasyna we dollaryň hümmetine bagly bolar".
Migrantlaryň sözlerine görä, rublyň häzirki ösüşi Russiýa iş gözlemek üçin gelýänleriň köpelmegine sebäp bolupdyr.
Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, 2024-nji ýylyň ahyrynda ýurtda 6,3 million daşary ýurt raýaty bardy. Olaryň aglaba köplügi üç ýurtdan gelýär: Özbegistan (23,3 göterimi), Täjigistan (16,7 göterimi) we Gyrgyzystan (10,4 göterimi) emele getirýär.
Emma Russiýa barmak migrantlar üçin töwekgelçilikli bolmagyna galýar. Merkezi Aziýanyň raýatlary jynsparazlykdan başlap, polisiýanyň wagşylygy ýaly howplara sezewar bolýar.
Uruş we terrorçylyk
Russiýada migrantlaryň harby gulluga mejbur edilip, Ukraina iberilmeginiň howpy hem bar.
"Şu günler Russiýa pul gazanmak üçin barmak näbellilige syýahat bolýar. Rublyň hümmetiniň ýokarlanmagy migrasiýa üçin itergi berýär, ýöne häkimiýetleriň basyşynyň ýokarlanmagy we Ukrainadaky fronta düşmek howpy biynjalyk döredýär we ony öňünden çaklap bolmaýar" - diýip, Ilhamow aýtdy.
Şeýle hem, geçen ýyl Russiýadan 190000 adamyň kowulandygyny görkezýän resmi sanlar deportasiýanyň ep-esli artandygy subut edýär. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 31 göterim ýokarlandy.
2024-nji ýylyň mart aýynda Moskwada "Krokus-siti" merkezinde bolan hüjümden soň migrantlar güýçli gysyşa sezewar boldy.
"Merkezi Aziýadan baran migrantlara Russiýada howpsuzlyk töwekgelçiligi hökümnde seredilýär" - diýip, Gollandiýada ýaşaýan adam hukuklary boýunça aklawçy Nodira Abdulloýewa adýar.
"Bu has berk kanunlara, giriş çäklendirmelerine, köpçülikleýin barlaglara ... umumy gorky howasyna eltýär".
Merkezi Aziýa ýurtlary migrant işçileri üçin alternatiw ugurlary gözleýärler, emma sebitde ýaşaýan ilatyň aglaba köplügi rus dilinde gürleýär - bu olaryň Russiýa gitmeginde uly rol oýnaýar.
Şonuň üçin olar häzirlikçe rublyň kursuny üns bilen synlamagyny dowam etdirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum