Rus goşuny 1-nji maý agşamy Zaporižýa azyndan on gezek hüjüm edip, şäherde ýangyn turmagyna sebäp boldy. Ýerli häkimiýetler 29 adamyň ýaralanandygyny, olaryň arasynda 13 ýaşly oglanyň hem bardygyny habar berdiler.
"Ruslar şäheriň raýat infrastrukturasyna zarba urdy. Ýaşaýyş jaýlaryna, uniwersitete we infrastruktura desgasyna zyýan ýetdi" diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Iwan Fedorow ýazdy.
"On iki adam sebit merkezindäki lukmançylyk edaralaryna ýerleşdirildi, olar ir ertire çenli zerur bolan kömekleri aldy" diýip, Fedorow sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, ol hüjüm netijesinde 61 ýaşly bir adamyň öldürilendigini habar berdi, ýöne soň bu maglumat ret edildi: Fedorowyň sözlerine görä, halas edijiler ony harabalygyň aşagyndan diri çykardylar.
Halas ediş işleri dowam edýär.