Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň urşa gatnaşandygyny tassyklady, Putin olara minnetdarlyk bildirdi


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Resmi Phenýan ilkinji gezek Demirgazyk Koreýanyň harbylarynyň Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda Moskwanyň tarapynda gatnaşandygyny tassyklady.

Döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn Demirgazyk Koreýanyň Russiýa bilen baglaşan strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, ýagny agressiýa ýagdaýynda harby kömek bermek baradaky borçnamany ýerine ýetirmek nukdaýnazyrdan özüniň harby gullukçylaryny Russiýa iberendigini mälim edipdir.

Habarda bellenilişine görä, Kursk oblastynda ukrain esgerleriniň hüjümine garşy guralan “azat ediş operasiýasy” üstünlikli tamamlanypdyr we golaýda Phenýanda Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň hormatyna ýadygärlik dikiler. Demirgazyk Koreýanyň güýçleriniň nähili ýitgi çekendigi barada maglumat berilmedi.

26-njy aprelde Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow prezident Wladimir Putine Kursk oblastyndaky ýagdaý barada hasabat berip, “Demirgazyk Koreýanyň harbylarynyň sebitdäki azat ediş operasiýasyna uly goldaw berendiklerini” aýtdy.

Gerasimowyň beýanaty Demirgazyk Koreýanyň harbylarynyň Russiýa ugradylandygy baradaky ilkinji resmi tassyklama boldy. Bu barada geçen ýylyň güýzünden bäri Günorta Koreýa, ABŞ, beýleki Günbatar ýurtlary hem-de Ukraina birnäçe gezek habar beripdiler. Moskwa bilen Phenýan bu maglumatlary resmi taýdan ne tassyklapdy, ne-de açyk inkär edipdi.

28-nji aprelde Putin Kursk oblastynda söweşen Demirgazyk Koreýanyň harby bölümlerine minnetdarlyk bildirdi.

XS
SM
MD
LG