Dildar Han bütin ömrüni Pakistanda geçirendigini, ýöne soňky hepdelerde 100 000 töweregi adamyň deportasiýa edilmegini görkezýän meýilnama boýunça Owganystana "öýüne" iberilendigini aýtdy.
Hanyň 2 ýaşdan 13 ýaş aralygyndaky bäş çagasy bar. "Iki gyzym we üç oglum bar. Olar mekdebe barýardylar" - diýip zenan gürrüň berdi.
Emma Owganystanda "Talyban" hökümdarlary 2021-nji ýylda häkimiýete geçeli bäri gyzlar üçin orta bilimini ýatyrdylar.
"Bu gaty kyn, gaty kyn. Sebäbi olaryň bilimli bolmagy möhüm" - diýip, Han aýdýar.
Pakistanyň häkimiýetleri mart aýynda köpçülikleýin deportasiýa kampaniýasyny yglan edip, owganlary neşe gaçakçylygy we terrorçylyk bilen baglanyşykda aýyplady.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan deportasiýa edilen beýleki owganlar hem bu ýagdaýyň öz çagalaryna ýetirjek täsiri barada alada bildirdiler.
"Çagalarymyz mekdebe baryp bilmeýändiklerine gynanýarlar" - diýip, Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinden zor bilen Owganystana ugradylan Han Zaman gürrüň berdi.
“Çagalary halas et” guramasy diňe aprel aýynyň ilkinji iki hepdesinde deportasiýa edilenleriň arasynda 50 000 töweregi kämillik ýaşyna ýetmedikleriň bardygyny aýtdy. Haýyr-sahawat guramasynyň ýurt boýunça müdiri Arşad Malik "bu çagalaryň köpüsi Pakistanda doguldy - olar üçin Owganystan öý diýer ýaly ýurt däl" -diýdi.
Owganystanda iş örän az
Bu gurama 18-nji aprelde çap eden hasabatynda deportasiýa edilen maşgalalaryň köpüsiniň azyk, jaý we iş tapmak meselesinde kynçylyk çekýändigini habar berdi.
Owganystanly Dildar Han Pakistanda taksi sürüjisi bolup işleýärdi, ýöne indi ol işsiz galdy. Onuň özi we maşgalasy, Nangarhar welaýatynyň Açin etrabynyň daglyk ýerinde doganynyň öýünde bir otagda pena tapdy.
"Ýer ýok. Biz şeýle ýaşaýarys. Iş ýok" - diýip, Han aýtdy.
Bu maşgala 20-nji aprelde deportasiýa edildi. Serhetde maşgala Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Baş Komissarynyň edarasyndan (UNHCR) 140 dollar töweregi pul berildi, ýöne Han indi bu pullyň gutarandygyny aýtdy.
Olaryň emlägi doganynyň öýüniň daşynda, günüň we ýagyşyň aşagynda galýar. "Biziň haýyşymyz, kimdir biri bize iş tapyp berse biz günümizi görer ýaly" - diýip Han aýdýar.
Nangarharyň ýaşaýjysy alty çagaly Imran, Pakistandan deportasiýa edilensoň durmuşynyň weýran bolandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
"Öňler ol ýerde işleýärdik, durmuşymyz gowy geçýärdi, çagalarymyz mekdeplere, medreselere gidýärdiler. Çykdajylarymyzy töläp bilýärdik".
"Ýöne bu ýere gelenimizden soň iş ýok, çykdajylarymyzy ödäp bilmeýäris, kyn durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolýarys".
Pakistanyň häkimiýetleri adamlaryň ýaşamak rugsadynyň görnüşine görä, olaryň ýurdy terk etmegi üçin dürli möhletleri kesgitlediler. 2021-nji ýylda "Talyban" häkimiýetinden gaçyp, Pakistana baran 800 000-den gowrak owganlynyň dokumentsiz ýaşaýandygy çak edilýär.
Ýene 1,4 million adamda BMG-niň bosgunlar boýunça Baş komissarynyň edarasy tarapyndan berlen kagyzlar bar we olaryň köpüsi onlarça ýyl bäri Pakistanda ýaşaýar.
BMG-nyň maglumatlaryna görä, bu täze deportasiýa tolkunyndan öň 2023-nji ýyldan bäri 800 000 töweregi owgan Pakistandan zor bilen kowlupdyr.
"Talyban" häkimiýetleri deportasiýa edilenleri tankytlaýar, şol bir wagtyň özünde deportasiýa ediljek ýerleri taýýarlaýandyklaryny aýtdy. Ýöne ýaňy-ýakynda AFP habar agentliginiň wekiliniň Torhamyň golaýynda baryp gören bir ýerinde "gaýaly düzlükde arassalanan ýollardan başga zat ýokdy".
"Talyban" Owganystanda gaýtadan häkimiýet başyna geleli bäri, Azatlyk Radiosy bu ýurtda erkin hereket edip bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum