Sergidäki suratlar 2023-nji ýylyň dowamyndaky käbir uly pursatlary görkezýär.
2023-nji ýylyň jemleri: Esasy wakalar suratlarda

25
Suwa çümmek üçin niýetlenen maskany geýen ýaşaýjy, Gresiýanyň Attika şäherindäki Lagonisi sebitinde dörän ýangyn wagtynda bir jaýyň girelgesine suw sepýär, 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly. Gresiýada bolan güýçli ýangyn 28 adamyň ölmegine, 75 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.( EPA-EFE/KOSTAS TSIRONIS)

26
2023-nji ýylyň 29-njy iýulynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçirilen buýsanç ýörişinde bir gatnaşyjy ýeňiş alamatlaryny görkezýär. Guramaçylaryň we ýerli habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, buýsanç parady Rumyniýanyň paýtagtynda şu güne çenli iň ulusy bolup, ýigrimi müňden gowrak gatnaşyjy geýleriň kanuny hukuklaryny, şol sanda raýat hyzmatdaşlygyny, nikalaşmak ýa-da çaga almak hukugyny talap etdi. (AP Photo/Vadim Ghirda)

27
Üç ýüz ýigrimi sany digital şekil, 2023-nji ýylyň 12-nji awgustynyň başynda Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Kumanowo şäheriniň golaýynda asmandan geçýän Perseid meteorlaryny we uçarlary görkezýär. Perseid meteor ýagyşy her ýyl awgust aýynda ýer şary Swift-Tuttle kometasynyň galyndylarynyň we tozanynyň deňinden geçende görünýär. (EPA-EFE/GEORGI LICOWSKI)

28
Polisiýa işgärleri, 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda, Pakistanyň Faisalabad etrabynyň Jaranwala şäherindäki hristian sebitinde gaharly musulman märekesi tarapyndan weýran edilen öýleriň harabalyklaryndan geçýärler. Polisiýa Pakistanyň gündogaryndaky bir sebitden gijeki reýdlerde 100-den gowrak musulmany tussag etdi. Resmileriň penşenbe güni beren habaryna görä, bir hristian adamyň hamala Gurhany kemsidendigini eşidip, gazaplanan musulman märeke azlykdaky hristianlaryň ybadathanalaryna we öýlerine hüjüm etdi, häkimiýetler tertip-düzgüni dikeltmek üçin goşun çagyrmaga mejbur boldy. (AP suraty/K.M. Chaudary)
Forum