Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow ukrain ilçisine hyzmatdaşlyk üçin sagbolsun aýtdy


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyp, türkmen-ukrain ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada pikir alyşdy diýip, türkmen metbugaty anyklaşdyrmazdan habar berdi.

30-njy aprelde çap edilen habarda aýdylmagyna görä, Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Maýko, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin, sagbolsun aýtdy.

Şeýle-de, ilçiniň, diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berlen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin, türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirendigi aýdylýar.

Metbugat habarlaryna görä, Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenski golaýda Wiktor Maýkony Ukrainanyň Gazagystan Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly wekili wezipesine bellemek baradaky karara gol çekdi.

XS
SM
MD
LG