Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan "altyn wiza" döredýär. Munuň üçin azyndan $300 müň maýa ýatyrmaly


 Astana görnüşi
Astana görnüşi

Gazagystan ýaşaýyş rugsadyny almaga mümkinçiligi bolan "altyn wiza" düzgünini ulanyşa girizýär.

Bu wiza üçin gazak kompaniýalaryna ýa-da ýerli gymmatly kagyzlara azyndan 300,000 dollar möçberinde maýa ýatyran daşary ýurtlular ýüz tutup bilerler diýip, respublikanyň DIM-i habar berýär.

Anyklaşdyrylmagyna görä, maýa goýum wizasynyň eýeleri ýurtda on ýyla çenli ýaşamak rugsady bilen üpjün ediler.

"Altyn wizalaryň" berilmegi daşary ýurt maýadarlary üçin amatly we boljak zatlary öňünden kesgitlemek mümkinçiligini berýän gurşawy döredýär, kanuny kepillikleri üpjün edýär we Gazagystanyň maýa goýum ýagdaýyna bolan ynamy güýçlendirýär" diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

DIM şuňa meňzeş maksatnamalaryň ABŞ-da, BAE-de, Singapurda we Ýewropa ýurtlarynda hem bardygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG