Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň portundaky partlamada onlarça adam heläk boldy


Eýran resmileri Şehid Rajaei portunda bolan partlamanyň sebäbi barada anyk düşündiriş bermedi.
Eýran resmileri Şehid Rajaei portunda bolan partlamanyň sebäbi barada anyk düşündiriş bermedi.

Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbas port şäherinde raketa ýangyjynyň düzümine girýän himiki maddanyň saklanmagy bilen baglanyşykly diýlip çaklanylýan güýçli partlamada azyndan 40 adam öldi, müňden gowrak adam ýaralandy.

Eýran resmileri 26-njy aprelde Şehid Rajaei portunda bolan partlamanyň sebäbi barada anyk düşündiriş bermedi. Emma garaşsyz bilermenler munuň raketa ýangyjynyň düzüminde ulanylýan natriý perklooratyň kada gabat gelmeýän şertlerde saklanylmagy bilen baglanyşykly bolandygyny aýtdylar.

27-nji aprelde döwlet mediasy partlamanyň gözegçilik astyna alnandygyny habar berdi.

Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian ýaralananlaryň käbiri bilen duşuşdy we ýerli resmiler bilen duşuşykda “munuň näme üçin bolandygyny anyklamaly” diýdi.

Şehid Rajaei Eýranyň iň işjeň porty bolup, ol ýurduň deňiz gämi hereketiniň 80%-e çenli bölegini üpjün edýär.

XS
SM
MD
LG