Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) hem-de birnäçe ýewropa media guramasynyň anyklan maglumatlaryna görä, Belgiýa häkimiýetleri tarapyndan ýerine ýetirilen içaly arassaçylygynyň arasynda, Brýusselden yzyna çagyrylan rus diplomaty Ýewropanyň iň iri howpsuzlyk edarasynyň Belgrad missiýasyna ýolbaşçy wezipesine hödürlenýär.
AÝ/AR-yň alan içerki ÝHHG dokumentlerine görä, Moskwa ÝHHG-niň Bosniýa-Gersegowinadaky missiýasynyň başlygynyň öňki orunbasary, Balkanlarda giň iş tejribesi bolan Dmitri Iordanidini guramanyň Serbiýadaky missiýasyna başlyk wezipesine hödürleýär.
Onuň dalaşgärligi Birleşen Ştatlaryň hem-de ýewropa hökümetleriniň Russiýany düýbi Wenada ýerleşýän 57 agzaly sebit howpsuzlygy edarasynda soňky ýyllarda “betniýetli” iş alyp barmakda aýyplaýan pursatlaryna gabat gelýär.
Belgiýanyň aňtaw gulluklarynyň toplan hem-de Günbatardan bolan üç aňtaw çeşmesiniň garaşsyz ýagdaýda tassyklan maglumatlaryna görä, 55 ýaşly Iordanidi Belgiýanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy tarapyndan özleriniň assyryn içalyçylyk işlerini alyp barýandygy aýdylansoň, Brýusseli ümsüm terk eden 20 rus diplomatynyň biri bolup durýar diýip, AÝ/AR, düýbi Brýusselde ýerleşýän “EUobserver”, Belgiýanyň “De Morgen” neşiri, Belgiýanyň “Humo” hepdelik neşiri, hem-de Fransiýanyň “Le Monde” gündelik neşiri tarapyndan bilelikde geçirilen derňewler anyklady.
Aňtaw çeşmeleriniň birisi içaly arassaçylygyny, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy girişen çozuşynyň öňüsyrasynda, “öňden bäri üýşen problemalardan dynmak pursaty” atlandyrdy.
Belgiýanyň hökümeti ýurtda akkreditasiýa edilen diplomatlaryň sanawyny çap etmeýär, şeýle-de Russiýanyň Brýusseldäki diplomatik missiýasy öz işgärleriniň sanawyny çap etmeýär, ýöne AÝ/AR ýurtdan kowlan rus diplomatlarynyň birnäçesiniň 2023-nji ýylda Belgiýada bolandygyny garaşsyz ýagdaýda tassyklady.
Şu wagta çenli şahsyýetleri jemgyýetçilige açylmadyk rus diplomatlarynyň atlarynyň Russiýanyň Daşary ýurtlar boýunça aňtaw gullugy (SWR) ýa-da GRU hökmünde tanalýan harby aňtaw müdirligi bilen ilteşikli bir sanawda bolandygy öňe sürülýär.
Bir aňtaw çeşmesine görä, Belgiýanyň aňtaw gullugynyň sanawynda SWR bilen ilteşdirilýän Iordanidi ýurtdan kowlan 20 diplomatyň arasynda ‘persona non grata’ (islenilmeýän adam) yglan edilmedik ýeke-täk diplomat bolup durýar. Çeşme Belgiýanyň, eger Moskwa yzyna çagyrmasa, Iordanidiniň persona non grata yglan edilip bilinjekdigini habar berenden soňra, Russiýanyň Iordanidini yzyna çagyrandygyny aýdýar.
Indi bolsa, Moskwa Iordanidini Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna, düýbi Wenada ýerleşýän köptaraply howpsuzlyk guramasyna yzyna ýerleşdirmäge çalyşýar. Bu gurama Russiýa 2022-nji ýylda Ukrainanyň üstüne çozýança Ukrainada rus agressiýasyna esewan etmekde hem-de Moskwa bilen Kiýewiň arasynda araçylyk etmäge synanyşmakda möhüm rol oýnady.
AÝ/AR-yň alan resminamasyna görä, Iordanidi 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çenli, ýagny dalaşgär hödürlemek üçin berlen wagtyň gutarýan pursatyna çenli Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Serbiýadaky missiýasyna başlyk wezipesine hödürlenen sekiz dalaşgäriň biri bolup durýar.
Russiýa Iordanidini ÝHHG-nyň Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki, hem-de Gazagystanyň paýtagty Astanadaky edaralaryna-da ýolbaşçy hökmünde hödürläpdir.
ÝHHG elektron poçta arkaly beren beýanatynda bu üç wezipe boýunça hem işe kabul ediş prosesiniň heniz hem dowam edýändigini, gizlinlik düzgünleri sebäpli, bu meseleler boýunça teswir berip bilmeýändigini aýtdy.
Bu wezipeler guramanyň öňki we häzirki ýokary derejeli resmileri bilen, şeýle-de missiýalaryň ýerleşýän ýurtlary bilen geçirilýän maslahatlaşmalar esasynda ÝHHG-niň başlygy – häzirki wagtda Finlýandiýanyň daşary işler ministri Elina Waltonen – tarapyndan bellenýär diýip, ÝHHG-niň metbugat sekretary Aleksandra Teýlor aýtdy.
“Biz ÝHHG-daky ähli wezipeler boýunça içgin işe kabul ediş prosedurasyny berjaý edýäris” diýip, Teýlor aýtdy.
Günbatardan bolan resmiler we hökümetler Moskwany ÝHHG-niň işini sabotaž etmekde, hem-de guramanyň konsensual, ýagny ylalaşyk syýasatyndan, şol sanda Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşy boýunça, hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar. Bu uruş häzirki wagtda Ýewropada Ikinji jahan urşundan bäri bolup geçýän iň iri we gandöküşikli uruş boldy.
Russiýa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny “NATO ýaranlygynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň goşundysyna öwürmek üçin, gaýtadan şekillendirilýändigini” aýdyp tankytlaýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň rus aňtaw gullyklarynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda güman edilýän täsirleri barada geçiren derňewleriniň yz ýany, guramanyň parlament geňeşi ÝHHG-niň ýolbaşçy düzümini “guramany Russiýanyň ýykgynçylykly täsirinden arassalamak maksady bilen, degişli pikir alyşmalara we howpsuzlyk barlaglaryna badalga bermäge” çagyryş etdiler.
AÝ/AR-yň 2023-nji ýylyň mart aýynda geçiren derňewlerine görä, Russiýa ozal ÝB tarapyndan içalyçylykda aýyplanyp, Bileleşikden kowlan diplomatlaryny özüniň Serbiýadaky ilçihanasyna iberipdi. Bu ýurtda prezident Aleksandr Wuçiç Belgradyň Russiýa bilen aradaky däp bolan ýakyn gatnaşygyny saklap galmak isleýär.
Ne Iordanidi, ne-de Russiýanyň Brýusseldäki ilçihanasy teswir sorap eden haýyşlarymyza jogap berdi. Belgiýanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy hem teswir haýyşlarymyza jogap bermedi.
Balkan saparlary
Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina çozmagynyň yz ýany, ýüzlerçe rus diplomaty, şol sanda Russiýanyň Belgiýa we Ýewropa Bileleşigi boýunça Brýusseldäki diplomatik missiýalaryna bellän diplomatlary Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýurtdan çykaryldy.
AÝ/AR-yň derňewlerine görä, olaryň arasynda “bikanun we ýykgynçylyk hereketleri” sebäpli ÝB tarapyndan kowlan, ýöne 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Serbiýada geçirilen parlament we ýerli saýlawlarda ÝHHG-niň saýlaw synçysy hökmünde gaýtadan peýda bolan Aleksandr Studenikin hem bar.
Iordanidiniň Belgiýanyň paýtagtyndaky jemgyýetçilik işjeňligi kän bir göze ilip baranokdy, ol esasan Balkanlarda kök uran diplomatik karýerasyna geografiki arakesme berip, 2023-nji ýylyň dowamynda Brýussele gelene çalym edýär.
Jemgyýetçilige açyk maglumatlardan mälim bolşuna görä, ol 2009-njy ýylda Russiýanyň Saraýewodaky ilçihanasynda birinji syýasy sekretar wezipesinde işleýärdi. Şondan birnäçe ýyl soňra, ol ÝHHG-niň Bosniýanyň Republika Srpska serb ülkesiniň edara ediş merkezi bolan Banja Lukadaky edarasyna ýolbaşçylyk etdi.
Iordanidi 2013-nji ýylyň maý aýynda Serbiýanyň şol wagtky prezidenti Tomislaw Nikoliç bilen rus prezidentiniň Soçi şäherindäki tomusky rezidensiýasynda geçirilen duşuşykda prezident Wladimir Putin bilen daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda otyrdy. Bu duşuşykda şol wagtlar Serbiýanyň goranmak ministri we premýer-ministriniň birinji orunbasary bolan Wuçiç hem bardy.
Iordanidi soňra ÝHHG-niň Bosniýa-Gersegowinanyň Saraýewo şäherindäki missiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi we bu wezipeden özüniň Brýusseldäki wezipesine 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda, ýa-da 2023-nji ýylyň başlarynda giden ýaly bolup görünýär.
Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ÝHHG-däki bir çeşme Iordanidiniň Saraýewodan Belgiýa gidişini ýatlaýar, bu habar boýunça habarlaşylan aňtaw çeşmeleriniň birisi onuň 2023-nji ýylda gelendigini we şol ýylyň özünde basyş astynda terk edendigini aýdýar.
Habarçylar Iordanidiniň Russiýanyň Brýusseldäki ilçihanasynda işlän gysga döwründe onuň bu wezipesi boýunça açyk çeşmelerden subutnama tapyp bilmedi. Ol ÝHGG-niň Bosniýa-Gersegowinadaky edarasynda işlän döwründe welin, ýygy-ýygydan media serişdelerine interwýu berýärdi we jemgyýetçiligiň öňünde çykyş edýärdi.
Onuň ÝHHG-niň Balkanlardaky edaralarynda eden irki işleri esasan daşky gurşaw meseleleri we raýat azatlyklarynyň götergilenmegi barada bolupdy.
Rus hökümetiniň maglumat bazalaryndan syzyp çykan maglumatlar – raýatyň ýaşaýan ýeri, ulag eýeçiligi, ýa-da salgyt tölegleri ýaly malgumalar – Iordanidi bilen rus aňtaw gulluklarynyň arasynda arabaglanyşygyň bolandygyny kagyz ýüzünde görkezmeýär. Ýöne şeýle maglumatlar Belgiýada geçirilen içaly arassaçylygynda Iordanini bilen bilelikde ýurtdan çykarylan gara sanawdaky beýleki ruslaryň aňtaw gulluklary bilen arabaglanyşyklarynyň bolandygyny görkzeýär.
GRU-nyň Brýusseldäki adamlary
Belgiýanyň aňtaw gulluklarynyň ‘içalylar sanawyndaky’ rus diplomatlarynyň arasynda, Iordanini bilen bilelikde içalyçylykda güman edilen 19 diplomatyň arasynda Russiýanyň Brýusseldäki ilçihanasynda ozal maslahatçy bolup işlän Aleksandr Kowalçuk hem bar.
Raýatlaryň ýaşaýyş salgylary boýunça syzdyrylan maglumatlara görä, Kowalçugyň Moskwada ýazgyda duran salgysy “Ulitsa Narodnogo Opolçeniýe 50”. Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Harby Akademiýasy hem şol bir salgyda ýerleşýär.
Bu akademiýa Russiýanyň harby-aňtaw müdirliginiň gysgaltmasy bolan “GRU-nyň” konserwatoriýasy hökmünde giňden tanalýar.
‘Içaly diplomatlaryň’ sanawynda Russiýanyň Brýusseldäki ilçihanasynda ikinji sekretar wezipesinde işlän Sergeý Çerepanow hem bar. Rus hökümetinden syzdyrylan maglumatlara görä, ol ozal Moskwadaky Strategiki raketa güýçleri akademiýasynda işläpdir hem-de 46179 harby bölümi bilen ilteşikli salgyda ýazgyda durupdyr. Bu harby bölüm ýadro howpsuzlygyndan jogapkär 12-nji Esasy müdirligiň garamagynda bolup, emeli hemralaryň üsti bilen seismiki hereketlere hem-de, infrases tolkunlaryna, ýagny pes ýygylykdaky ses tolkunlaryna gözegçilik etmäge ýöriteleşendir.
Brýusseldäki Rus ilçihanasynda tehniki işgär hökmünde işläp ýören wagtynda ýurtdan çykarylan beýleki bir diplomatyň, Dmitriý Zamogilnyhyň öý salgysy GRU-nyň ýörite güýçler bölümi bolan 92154 harby bölümi bilen ilteşiklidir.
Bu aralykda, ýurtdan çykarylan diplomatlaryň biri bolan Sergeý Gudilin, özüniň “Strawa” sport goşundysyndaky hasabynda jemgyýetçilige elýeterli bolan maglumatlara görä, Belgiýanyň golaýynda ýerleşýän we harby pudak bilen baglanyşykly bir desgany surata düşüripdir.
Ol 2021-nji ýylyň iýul aýynda özüniň “Strawa” hasabynda “Bertem” radar bekediniň suratyny paýlaşypdyr. Bu beket belgiýa harbylaryny radar maglumatlary bilen üpjün edýän howa-gözegçilik edarasynyň bir bölegidir.
Kowalçugyň, Çerepanowyň, Zamogilnyhyň hem-de Gudiliniň elektron salgylaryna iberilen soraglar jogapsyz galdy.
Sanawa görä, Belgiýanyň basyp ýatyrmalary jemi 20 sany ‘rus içalysynyň’ ýurtdan çykarylmagyna getirdi. Has ozal, Ýewropa Bileleşigindäki hem-de NATO ýaranlygyndaky rus delegasiýalarynyň 48 agzasy kowlup çykarylypdy.
“Belgiýa Russiýa bilen kadaly diplomatik gatnaşyklary saklap galmagy arzuw edýär, ýöne bu gatnaşyklardan içalyçylyk maksatlary bilen hyýanatçylykly peýdalanylmagyna rugsat berip bilmeýär” diýip, Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Pierre Stewerlynk aýtdy.
Ösýän wehimler
Russiýa 2022-nji ýylda Ukrainanyň üstüne çozuşa girişeli bäri, Ýewropa ýurtlary şu wagta çenli köpçülikleýin 700 rus diplomatyny kowdular, ýöne Günbatar bilermenleri Moskwadan abanýan howpuň artýandygyny aýdýarlar.
“Biz öz ýurtlarymyzda rus aňtaw gullyklarynyň betniýetli operasiýalary ýerine ýetirmek mümkinçilikleriniň sähel azalandygyny gördük, ýöne olar gaýtdan dikeldi” diýip, gibrid uruşlar boýunça ýöriteleşen NATO resmisi Jeýms Apaturai (James Appathurai) “EUobserver” neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Apaturai Russiýanyň öz ünsüni onlaýn guramaçylyga gönükdirip başlandygyny, ýykgynçylyk meýillerini amala aşyrmak maksady bilen, jenaýat toparlaryny hem-de bolup geçýän zatlardan habarsyz adamlary barha köp özüne çekip başlandygyny aýtdy.
“Çekilýän adamlar köplenç hatda özleriniň kimlere işleýändigini hem bilmeýär” diýip, Apaturai aýtdy. “Olar emläkleri ot bermek, otlulary ýoldan çykarmak, hatda syýasatçylaryň emläklerine hüjüm etmek ýaly hereketleri edýärler, we şu hereketleriň ählisinde rus aňtaw gulluklary kölegede durup, ýüpleri çekýärler” diýip, ol belledi.
Germaniýanyň “Der Spiegel” žurnaly geçen aýda germaniýaly derňewçileriň soňky wagtlarda ýurt boýunça ýygjamlaşýan ulag wandalizminiň bir rus müşderisi tarapyndan maliýeleşdirilýändigini güman edýändiklerini hem-de bu ýykgynçylygyň daşky gurşaw işjeňligi bahanasy bilen pes derejeli jenaýatçylar tarapyndan ýerine ýetirilýändigini habar berdi.
Günorta Germaniýanyň Ulm şäheriniň prokurorlary 100-den gowrak wandalizm wakasy boýunça dört güman edilýäniň saklanandygyny aýtdylar. Olar Rumyniýanyň, Serbiýanyň hem-de Bosniýanyň raýatlary bolup, ulaglaryň tüsse çykarlaryny petiklemek üçin gataldyjy köpüklerden peýdalanypdyrlar.
Polşanyň premýer ministri Donald Task ýanwar aýynda Litwada hem-de Britaniýada DHL ýük uçarlarynda bolup geçen howa hadysalaryndan soňra, Russiýany howa ulaglaryny ulanyp, anyklaşdyrylmadyk nyşanalara terror hüjümlerini meýilleşdirmekde aýyplady.
“Men jikme-jiklere girmerin, ýöne Russiýanyň, diňe bir Polşa garşy däl, eýsem, dünýädäki howa ýollaryna garşy howa terror hereketlerini meýilleşdirýändigi barada bar bolan gorkularyň esasynyň bardygyny tassyklap bilerin” diýip, Task metbugat ýygnagynda aýtdy.
Moskwa ot bermek, zäherlemek, we Günbatardaky adamlara hüjüm etmek ýaly terror hüjümlerine özüniň gatyşygy barada Günbatar tarapyndan aýdylýan aýyplamalary ret edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.