Bütin dünýädäki musulmanlar Gurban baýramyny belleýärler
Musulmanlaryň millionlarçasy yslam dininiň iň möhüm baýramlaryndan biri bolan Gurban – Eid al-Adha baýramyny belleýär. Bu her ýylda Saud Arabystanynda geçýän Haj zyýaratynyň soňky däpleri bilen utgaşýar.

1
Täjigistanyň Owganystanyň serhedine golaýdaky Farhor obasynda günüň dogşy. Ýurduň din wekilleri Gurban baýramynyň hormatyna geçiriljek namazyň 16-njy iýunda, ir sagat 6-da başlanjakdygyny habar berdiler.
Gurban baýramyna ýa-da Eid al-Adha, köplenç gurbanlyk hem diýilýär. Ol Ybraýym pygamberiň (ýewreý we hristian dinlerinde Awraam) öz ogly Ysmaýyly Hudaýa wepalylygyň alamaty hökmünde gurban etmäge taýynlamagynyň hatyrasyna geçirilýär.

2
Täjigistanyň Hojant şäherindäki Merkezi metjitde baýramçylyk namazy. Musulmanlar eden işleri barada oýlanmak, günäleriniň geçilmegini, ýalkaw dilemek hem-de Alla öz şükürlerini bildirmek üçin, baýram namazyna ýygnanýarlar.
Yslamdaky ynanja görä, Ybraýym pygamber ogluny gurban etmekçi bolanda, Alla tagala oňa gurbanlyk üçin goç iberipdir.
Yslamdaky ynanja görä, Ybraýym pygamber ogluny gurban etmekçi bolanda, Alla tagala oňa gurbanlyk üçin goç iberipdir.

3
Moskwanyň Ýeňiş seýilgähindäki Hatyra metjidiniň ýanynda, irden namaza ýygnanan musulmanlar, ol ýer ýangyç bekediniň golaýynda ýerleşýär.
Eid al-Adha Ybraýym pygamberiň Haka wepadarlygynyň we iman berkliginiň alamaty hökmünde bellenýär.
Eid al-Adha Ybraýym pygamberiň Haka wepadarlygynyň we iman berkliginiň alamaty hökmünde bellenýär.

4
Orsýetiň polisiýasy Moskwanyň Juma metjidine namaza gelenlere gözegçilik edýär.
Bütin dünýädäki musulmanlar däp boýunça goýun, geçi, sygyr ýa-da düýe ýaly mallary gurban edýärler. Bu Ybraýym pygamberiň beren gurbanlygynyň alamatydyr.
Bütin dünýädäki musulmanlar däp boýunça goýun, geçi, sygyr ýa-da düýe ýaly mallary gurban edýärler. Bu Ybraýym pygamberiň beren gurbanlygynyň alamatydyr.