Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Belarusda häkimiýeti tankyt eden onlarça adam zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirildi


Beýanatda ruhy hassahana zor bilen ýerleşdirilmegiň adam mertebesini kemsidýän ýa-da rehimsiz çemeleşmäniň bir görnüşi bolup biljekdigi bellenilýär.
Beýanatda ruhy hassahana zor bilen ýerleşdirilmegiň adam mertebesini kemsidýän ýa-da rehimsiz çemeleşmäniň bir görnüşi bolup biljekdigi bellenilýär.

BMG-niň adam hukuklary boýunça hünärmenleriniň maglumatyna görä, Belarusda 2020-nji ýyldan bäri häkimiýetleriň syýasatyna garşy pikir bildirendikleri üçin azyndan 33 adam, şol sanda bäş zenan ruhy hassahana zor bilen ýerleşdirildi. Bu barada “Nastoýaşeýe Wremýa” telekanaly BMG-niň ýörite beýanatyna salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, şol adamlaryň sekizisi eýýäm boşadylypdyr, ýöne galan azyndan 25 adamyň ykbaly näbelli bolmagynda galýar. Olar daşary dünýä bilen aragatnaşykdan mahrum edilipdir.

Beýanatda ruhy hassahana zor bilen ýerleşdirilmegiň adam mertebesini kemsidýän ýa-da rehimsiz çemeleşmäniň bir görnüşi bolup biljekdigi bellenilýär.

2020-nji ýylda Belarusda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijeleri awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka garşy giň möçberli protestlere getirdi. Häkimiýetler bu protestlere güýçli basyş bilen jogap berdiler we müňlerçe adamy tussag etdiler. Yzarlamalar häzirem dowam edýär. “Wesna” adam hukuklaryny goraýjy guramanyň maglumatyna görä, 2020-nji ýyldan bäri protestlere gatnaşandygy üçin azyndan 3 müň 277 adam kazyýet tarapyndan jezalandyryldy.

XS
SM
MD
LG