2004-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çeçen söweşijileri Orsýetiň Demirgazyk Osetiýa respublikasynyň Beslan şäherinde orta mekdebe hüjüm etdiler. Olar 1100 adamy, şol sanda mugallymlary, okuwçylary we olaryň garyndaşlaryny zamun aldylar we zamunlary boşatmak üçin şert hökmünde federal güýçleriň Çeçenistandan çykarylmagyny talap etdiler. Zamun alyşlygyň üçünji güni Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri bina hüjüm edip, söweşleriň netijesinde zamunlykdaky 330-dan gowrak adam, şol sanda 186 çaga wepat boldy.
Beslan tragediýasynyň ýyl dönümi

1
2004-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýaragly söweşijiler Beslanyň 1-nji mekdebini zamun alansoň, Orsýetiň esgerleri mekdebiň daşyny gabadylar.

2
Zamun alyşyň birinji güni mekdebiň daşynda duran ene-atalar.

3
Orsýetiň NTW telekanaly mekdebiň daşynda duran ýörite güýçleriň esgerlerini görkezdi.

4
Söweşijiler krizisiň ikinji güni 26 zenany we çagany boşatdylar.