“Slowo i dilo” neşiri 9-njy maýda Moskwada, 1941-45-nji ýyllaryň urşunda gitlerçi Germaniýadan üstün çykylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabarasyna gatnaşjak 20-ä golaý döwlet ýolbaşçysynyň sanawyny çap etdi, olaryň arasynda Serdar Berdimuhamedow hem bar.
Türkmenistanyň prezidentinden başga, bu dabara Belerusdan Aleksandr Lukaşenko, Gazagystandan Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystandan Sadyr Žaparow, Özbegistandan Şawkat Mirziýoýew, Täjigistandan Emomali Rahmon, Azerbaýjandan Ylham Alyýew, Abhaziýadan Badra Gunbo, Günorta Osetiýadan Alan Gagloýew, Ermenistandan Nikol Paşinýan, Burkina Fasodan Ybraýym Traore, Braziliýadan Luiz Inacio Lula da Silwa, Wenesueladan Nikolas Maduro, Palestinadan Mahmud Abbas, Kubadan Migel Diaz-Kanel, Bosniýa-Hersegowinadan Milorad Dodyk dagy gatnaşar.
Şeýle-de, Kremliň bu dabara hytaý lideri Si Szinpiniň hem gatnaşjakdygyny tassyklandygy habar berilýär.
Bulardan başga, Gyzyl meýdanda geçiriljek dabara Slowakiýadan Robert Fisonyň, Serbiýadan Aleksandar Wuçiçiň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ukrain neşiri Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary Moskwadaky harby dabaralara gatnaşmazlyga, muňa derek Ukraina bilen raýdaşlyk görkezmäge çagyrandygyny belleýär.