ABŞ-Ukraina gatnaşyklaryny pese gaçyran Ak Tamdaky çekeleşikden soňky ýaňlar ýaňy gowşap başlady, Ukrainadaky söweş täze bir öwrülişik nokadyna baryp ýetdi. Emma bir ýurt - Saud Arabystany parahatçylyk gepleşikleri üçin potensial merkez hökmünde öňe saýlandy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 10-njy martda Riýad şäherine baryp, Aýlag patyşalygynyň de-fakto hökümdary Saud Arabystanyň şazadasy Muhammet bin Salman bilen duşuşdy.
Ukrainanyň prezidentiniň sapary ABŞ-nyň we Ukrainanyň resmi toparlarynyň arasynda 11-nji martda Jiddede başlanjak gepleşikler üçin esas döretdi.
Gepleşiklere gatnaşjak ukrain delegasiýasyna Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha, Zelenskiniň baş sekretary Andriý Ýermak we goranmak ministri Rüstem Umerow girýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem Jidda barar. Döwlet departamenti onuň ukrain kärdeşleri bilen duşuşyklardan başga-da, Saud Arabystanyň şazadasy bilen hem duşuşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Saparyň öňüsyrasynda eden çykyşynda Zelenskiý diplomatik frontda "köp işi" wada berip, öz toparynyň Trampyň administrasiýasy bilen dürli derejelerde işleşýändigini aýtdy.
"Mesele düşnükli - mümkin boldugyça gysga wagtda parahatçylyk, mümkin boldugyça ygtybarly howpsuzlyk" diýip, Zelenskiý "Ukraina konstruktiw çemeleşmäge doly ygrarly" diýdi.
Zelenskiniň 28-nji fewralda Ak Tamda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we wise-prezident JD Wans bilen bolan dünýäni haýran galdyran we Ukrainanyň diplomatiýasyny oňaýsyz ýagdaýa goýan katastrofiki duşuşykdan soň bu gepleşikler ylalaşyk dili bolup durýar.
Şol ýygnakdan soň, Trampyň administrasiýasy möhüm aňtaw maglumatlarynyň akymyny duruzmak we ABŞ-nyň harby kömegini wagtlaýyn togtatmak bilen Ukrainany jezalandyrdy. Ýöne şondan bäri Tramp parahatçylyk gepleşikleriniň geljegi barada optimistik pikirde.
"Meniň pikirimçe, ahyrsoňy, belki-de uzak geljekde däl- bu hepde Saud Arabystanyndan gaty gowy netijelere eýe bolarsyňyz" - diýip, Tramp metbugat üçin beren teswirinde aýtdy.
Tramp bilen unikal ýakyn gatnaşyk
Potensial gepleşiklerde Saud Arabystanynyň roly ABŞ-nyň we Russiýanyň diplomatik wekilleriniň fewral aýynda Ukrainadaky söweşi bes etmek barada gepleşikleriň birinji tapgyryny geçiren wagtynda ünsi çekdi. Şol ara alyp maslahatlaşmalar Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky sowuk gatnaşyklaryň birneme maýlamagyna wada berdi, iki ýurt diplomatik gatnaşyklaryny dikeldip başladylar.
Şol gepleşiklerde Ukraina üçin orun ýokdy. Bu, Kiýewde we Ýewropanyň paýtagtlarynda ABŞ bilen Russiýanyň ukrainleriň arkasyndan şertnama baglaşmaga synanyşýandygy barada alada döredipdi.
Emma Ak Tamdaky waka, Tramp bilen iş salyşmagyň gaty şahsy işdigini görkezdi. MBS baş harplary bilen giňden tanalýan Saud Arabystanyň mirasdüşer şazadasy ABŞ-nyň prezidenti bilen üýtgeşik ýakyn gatnaşykda.
Bir mysal: Trampyň ýanwar aýynda işe başlandan soň jaň eden ilkinji daşary ýurt lideri MBS boldy. Mirasdüşer şazada Trampa ýakyn dört ýylda ABŞ-a 600 milliard dollar täze maýa goýumlaryny goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Şeýle hem, Tramp ýakyn hepdelerde Saud Arabystanyna barmak planyny yglan etdi.
Emma MBS-iň başga-da bir möhüm gatnaşygy bar, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen köpden bäri dostlugy. Russiýa bilen Saud Arabystany soňky ýyllarda esasanam OPEK + nebit öndürmek şertnamasy arkaly ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýupdy. MBS Putiniň hormatly myhmany boldy, esasanam 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň açylyşynda ol Kremliň lideri tarapyndan kabul edildi.
Şeýlelik-de, şu hepde Aýlag patyşalygynda diplomatiýa oýny barýarka, munuň MBS-iň ussatlyk roly bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däl: Saud Arabystany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsünden sowa söwda şertnamalaryny baglaşmaga şert döredip biler we öz gezeginde mirasdüşer şazadasynyň halkara gatnaşyklaryna täsirini görkezip biler.
Kiýew, Waşington we Moskwa, konflikte anyk çözgüt bolmazdan, potensial parahatçylyk tapgyryna taýynlyk görkezýärler. Ýöne şu hepdäniň duşuşyklary MBS-iň täsirli araçy hökmündäki pozisiýasyny görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum