Gyş tupany agaç şepbiginiň, agaç galyndylarynyň daşa öwrülen gymmatbaha bölejiklerini Russiýanyň Kaliningrad eksklawynyň bir kenaryna itdi. Bu waka adamlaryň "Baltika altynlaryny" ýygnamaga howlukmagyna sebäp boldy.
Altyn tupan: Gyş tolkunlary ýantar daşlaryny rus kenaryna itýär

1
Bu surat, 18-nji ýanwarda Russiýanyň günbatar Kaliningrad eksklawynda ýerleşýän "Pionerskiý" kenaryna ýörite geýimli onlarça erkegiň gelendigini görkezýär.

2
Bu adamlar 17-nji ýanwarda Baltika deňzinde turan tupanyň getiren galyndylaryny süzüp almak üçin ýörite torlary ulanýarlar. Şol gün ýel sagatda 82 kilometre ýetdi.

3
Käbir bagtly adamlar tupanyň galyndylaryndan şunuň ýaly çig ýantar böleklerini çykarýarlar.

4
2021-nji ýylyň iýun aýynda Kaliningraddaky ýantary gaýtadan işleýän zawodyň arhiw suraty.
Ýantar - bu onlarça million ýyl ýeriň aşagynda ýa-da deňziň düýbünde gymmat bahaly daşlara meňzeş böleklere gysylan agaç şepbiginiň ýa şiresiniň daşa öwrülen görnüşidir. Ol sosna agajy ýaly gadymy ösümlikleriň bir wagtlar ösen ýerlerinde tapylýar.