29-njy aprelde ABŞ-nyň Söwda wekiliniň edarasy (USTR) intellektual eýeçilik hukugynyň berjaý edilmegi bilen bagly ýyllyk hasabatynda Türkmenistany özüniň “birinji derejeli gözegçilik sanawyndan” çykarandygyny mälim etdi. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.
USTR-iň ýyllyk “Special 301 Report” hasabatynda intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulmagyna degişli ýagdaýlar seljerilýär. Hasabat 100-den gowrak söwda hyzmatdaşynyň ýagdaýlarynyň öwrenilmegine esaslanyp taýýarlanylýar. 2025-nji ýyldaky hasabatda 8 ýurt “birinji derejeli gözegçilik sanawyna”, 18 ýurt bolsa “gözegçilik sanawyna” girizildi.
ABŞ-nyň Söwda wekiliýetiniň maglumatyna görä, Türkmenistan soňky ýyllarda intellektual eýeçilik hukuklarynyň goragyna ýa-da ýerine ýetirilişine degişli möhüm aladalaryň ýüze çykmandygy sebäpli gözegçilik sanawyndan aýrylypdyr.
Hasabatda “birinji derejeli gözegçilik sanawyna” Meksika, Hytaý, Çili, Argentina, Hindistan, Indoneziýa, Russiýa we Wenesuela girizildi.
Hasabat ABŞ-nyň bu ugurda söwda taýdan basyş çärelerini görmegine esas bolup biler.