Kamala Harris ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesini eýelän ilkinji garaýagyz aýal hökmünde eýýäm taryha girdi. Ol owal aklawçy, ştatyň baş prokurory we senator bolupdy. Prezident Jo Baýden saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwrensoň, noýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda, onuň ornuny tutmagy mümkin. Baýdeniň özi onuň kandidatlygyny goldady.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris: syýasy ýol suratlarda

9
Harris senator Kori Buker (Nýu-Jersiden demokrat) bilen 2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Senatyň Hukuk komitetiniň diňlenişiginde. Şol wagtlar ol Jorj Floýdyň öldürilmegi we polisiýanyň rehimsizligine garşy umumy milli protestleriň barşynda, hukuk goraýjy guramalarda doly reforma geçirmegiň tarapdary bolup, güýçli çykyş edýärdi.

10
Senatyň şol wagtky agzasy Harris öňki wise-prezident Jo Baýdene (çepde) onuň 1970-nji ýyllarda federal mekdepleriň desegregasiýa kanunyna öňki garaýşyny ýatladýar.
“Kaliforniýada ikinji synpda okaýan gyzjagaz bardy. Ol döwlet mekdepleriniň birleşdirilmeginden soň, her gün awtobusly mekdebe äkidýärdi. Şol gyzjagaz mendim" diýip, Harris şonda aýtdy.
Harrisiň aýdýan programmasy mekdepleri dargatmaga gönükdirilendi. Munuň üçin Berkliniň käbir sebitinden çagalary awtobus bilen beýleki ýerlerdäki mekdeplere äkidýärdiler.

11
Harris bilen Baýden 2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda Wiskonsin ştatynyň Milwauk şäherinde. Şol gün olar degişlilikde, resmi taýdan öz partiýasyndan wise-prezidentlige we prezidentlige kandidat boldular.

12
Harris we Baýden 2020-nji ýylyň awgustynda Delawer ştatynyň Wilmington şäherindäki Aleksis Dýupon okuw jaýynda geçirilen saýlaw kampaniýasynda. Baýden ABŞ-nyň saýlawlarynda Harrisi özüne wise-prezident wezipesine kandidat hökmünde tanyşdyrmagy bilen olaryň ilkinji gezek bilelikde peýda bolmagydy.