Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Hytaýdaky we Eýrandaky birnäçe şahsa we gurama sanksiýa girizdi


Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan harby sergide. Fewral, 2025 ý.
Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan harby sergide. Fewral, 2025 ý.

29-njy aprelde ABŞ-nyň Maliýe departamenti Hytaýdaky we Eýrandaky alty guramany we alty şahsyýeti sanksiýa sanawyna goşandygyny yglan etdi. Resmi beýanatda olaryň Eýran yslam rewolýusiýa sakçylary korpusy üçin ballistik raketalaryň ýangyç serişdeleriniň üpjünçiligine ýardam berendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň maliýe sekretary Skott Bessent: “Eýranyň raketa we beýleki ýaraglary agressiw ösdürmegi Birleşen Ştatlaryň we onuň hyzmatdaşlarynyň howpsuzlygyny howp astyna salýar” diýip belledi.

Sanksiýa girizilenleriň arasynda bäş hytaý kompaniýasy, bir eýran firmasy we alty eýran raýaty bar. Bu karar prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň Eýran bilen ýadro programmasy boýunça gepleşikleri täzeden başlan döwründe kabul edildi.

XS
SM
MD
LG