Ýüzleri örtülen dükan manekenleri Owganystanda "Talyban" hökümdarlygynyň nyşanyna öwrüldi. Ilkibaşda "Talyban" manekenleriň aýyrmalydygyny ýa-da olaryň kellesiz bolmalydygyny aýtdy. Ýöne dükan eýeleriniň gahar-gazabyndan soň, olar şeýle geň ylalaşyga geldiler.
Ýüzi örtülen manekenler. “Talybanyň” häkimiýeti astynda, ýurtda girizilen aýratyn düzgün

9
Başga bir dükanyň eýesi Hakim manekenleriň ýüzüni alýumin folga bilen örtüpdir. «Men muny haýbat atmalar we gadaganlyklardan soň, manekenleriň öňküden-de özüne çekiji bolmagy üçin etdim" diýip, ol aýtýar.

10
Başga bir söwda dükanynyň eýesi Aziz manekenleriň kellesiniň ýokdugyna ýa-da örtülendigine gözegçilik üçin, Ýardam we sahawat ministrliginiň işgärleriniň dükanlara we söwda merkezlerine yzygiderli aýlanyp durýandygyny aýdýar. Ol "Talybanyň" düşündirişlerini ret edýär: "Manekenleriň but däldigini hemmeler bilýär ahyryn, olara hiç kim sežde etjek bolanok. Musulman ýurtlarynyň ählisinde, manekenler egin-eşigi görkezmek üçin ulanylýar".

11
Owal başda "Talyban" 1996-2001-nji ýyllarda häkimiýeti ilkinji gezek eýelän döwründe, güýje girizen ýowuz düzgünleri jemgyýete girizmejekdigini aýdypdy. Emma bu topar ýuwaş-ýuwaşdan, hususan-da, aýallara garşy çäklendirmeleri girizip başlady, olara köçede ýüzlerini örtüp ýöremegi girizdi.

12
"Olary görenimde, men manekenleriň hem duzaga düşendigini duýýaryn, mende ýüzugra gorky duýgusy döreýär. Göwnüme bolmasa, men özümi şu görkezilenleriň arkasynda, ähli hukuklardan mahrum bolan owgan aýallarynyň arasynda görýärin» diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran Rahima aýdýar.