Tomus aýlary Aşgabatda gawun-garpyz paçaklarynyň, öý bikeleriniň gyş üçin konserwirleýän önümleriniň atylyp bolýan zaýaçylygynyň zir-zibil gutularyna oklanmagy bilen, onuň töwereginde şireli, porsy-hapa suwlaryň akyp ýatandygyny görmek bolýar. Aşgabat şäherindäki ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň we ýaşaýyş jaý ulanyş trestleriniň ýerine ýetirmeli kommunal hyzmatlaryň göwnejaý ýerine ýetirilmeýändiginden, zir-zibil gutularynyň öz wagtynda arassalanmaýandygyndan ýaşaýjylar juda närazy bolýandyklaryny aýdýarlar.
Aşgabadyň 'arassalanmaýan' zir-zibil gutulary

5
Ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň jaýlaryň daş-töweregini tämizleýän işçileriniň aýtmaklaryna görä bolsa, olary esasy işinden goýup, bir ýerde çäre geçirilse şol ýere alyp gidýärler. Ol ýerde ir ertir sagat 5-den agşam sagat 10-a çenli tämizleýiş işlerini geçirýän işçiler 1-2 günläp öz esasy iş ýerlerine gelip bilmeýärler. Şol wagtyň dowamynda bolsa jaýlaryň daş-töweregi hem aşa hapalanýar.

6
Şäher ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, käte awlanýan pişikleriň, pişik awulaýjylardan gaçyp, ýa özleriniň tötänlikden öýleriň howa çalyşdyryjy turbalaryna gaçyp, soňra ol ýerde ölýänleri hem kän bolýar.