Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 46 -njy hepde

1
Aşgabadyň 1-nji parkynda reklama maksatly surata düşürmäne gelenler. Parkyň administrasiýasynyň ýörite rugsady bolmazdan, surat düşürmäge rugsat berilmeýär.

2
Aşgabat. Çagalaryň oýun oynaýan we maşynly hiňňildiklerde aýlanýan ýeri. Şol wagtyň özünde bu çagalar parkynyň gapdalyna taşlanýan hapalar we zir-zibiller.

3
Aşgabadyň ýolagçy awtobuslaryndaky täze plastik kart terminaly. Olaryň hemme awtobusda işlemeýändigi aydylyar. Seyle-de, welaýatlardan gelenler üçin nagt töleg göz öňünde tutulmandyr.

4
Türkmenistanyň Döwlet Dasary Ykdysady Iş bankyndaky bildirişleriň birinde, visa kartyndan dasary yurtda 100 $ nagtlaşdyryp bolýandygy aýdylýar. Bu bildiriş asylandan soňra, ol mukdar 50 $ çenli azaldyldy.