Owganystanyň paýtagty Kabuldaky "Şaolin Wuşu kluby" owgan zenanlaryna uzak gündogar söweş sungatyny öwredýän ýeke-täk klubdyr. Aşa patriarhal jemgyýetde zenanlar diýseň seýrek ýagdaýda türgenleşik bilen meşgullanýarlar. Bu fotosergide “Wuşu” we “Kung-Fu” söweş sungaty bilen meşgullanýan owgan zenanlarynyň käbirleri görkezilýär.
Hijaply şaolin söweşijileri

Aziminiň aýtmagyna görä, ol munuň üsti bilen "Owganystanda zenanlar bilen erkek adamlaryň deňhukuklygyny ýola goýmagy we ýurtda zenanlara garşy edilýän zulumlaryň hem öňüni almagy" maksat edinýär.

Azimi, “Wuşu” bilen bilelikde gyzlara özüňi goramagy hem öwredýär.

Bu tälimler onuň şägirtleri üçin edil halasgär ýalydyr. Sebäbi Owganystanda "namys üçin" diýip edilýän jenaýatlar diýseň ýaýrandyr.

"Namys jenaýatlarynyň" pidalary köplenç diýen ýaly zenanlar bolýar. Adam hukuklary baradaky guramalaryň hasabatyna görä, 2015-nji ýylda Owganystanda azyndan 241 zenan öz maşgala agzasy tarapyndan "namys jenaýatyna" pida edilipdir.