1-nji iýunda dünýäniň ençeme ýurdunda bolşy ýaly Türkmenistanda hem “Halkara çagalar güni” bellenilýär. Bu gün mynasybetli ýurduň käbir künjeklerinde köpçülikleýin çäreleriň geçirilýändigi habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlamagy bilen, käbir çagalaryň öz dynç alyşlarynda dürli ýerlerde zähmet çekýändigi aýdylýar.
Aşgabat: Zähmet çekýän çagalar

1
Aşgabadyň köçeleriniň birinde kömelek satýan çaga.

2
Paýtagtyň köçelerine aýlanyp, garpyz satýan oglan.

3
Türkmenabadyň bazarynda çörek satýan gyzjagazlar.

4
Aşgabadyň "Teke bazarynyň" golaýyndaky köçeleriň birinde ejesi bilen gaýnadylan mekgejöwen, süýt we banan satýan oglanjyk.