Şu günler Lebap welaýatynda täze gurulýan Zelili obasyndaky gurluşyk işleriniň depgini göz-görtele güýçlendi. Garabekewül etrabynyň Garabekewül şäherçesinden 40 km günortada ýerleşýän bu obada soňky birnäçe hepdeden bäri diňe bir gündizine däl, eýse gijelerine hem işleýän gurluşykçylary we agyr gurluşyk tehnikasyny görse bolýar.
Lebap: Zelilide gurluşyk işleri güýçlendi

1
Bu ýerdäki gurluşykçylaryň aýtmagyna görä, üç ýyl bäri gurulýan bu obanyň açylyş dabarasyna prezidentiň gelmegine garaşylýar.

2
Hut şu sebäpli açylyşyň öň ýanyndaky soňky taýýarlyk işlerine öňküden has köp işgär we tehnika çekilipdir.

3
Häzirki wagta bu ýerde arassalaýyş işleri bilen birlikde gije-gündiz täze ýollaryň gurluşygy dowam edýär.

4
Ýanýollarda jähekler goýlup, ýollaryň gyralaryna hem täze nahallar oturdylýar.