Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 15-nji hepde

1
Aşgabadyň Parahat-4 etrapçasynda "pristroýkasyny", ýagny goşmaça otagyny ýykmaga taýýarlanýan ýaşaýjy. 2015-nji ýylyň başyndan bäri Aşgabadyň etrapçalaryndaky jaýlardan goşmaça otaglar ýykylýar.

2
Aşgabadyň dürli sebitindäki etrapçalaryň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndan aýrylan çanak antennalar. Geçen ýylyň başyndan bäri paýtagtyň ençeme sebitindäki köpgatly jaýlardan çanak antennalar sökülip aýryldy.

3
Aşgabadyň dermanhanalarynyň birinde nobata duran ýaşaýjylar.

4
Şäherdäki gazgeçiriji enjamyna ýelmenýän bildirişler we onuň ýokarsyna goýlan çüýşeler.