Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi daýhanbirleşiginiň ortasyndan geçýan ýaby – nowhanany gazmak işi indi 3-4 gün bäri yzy üzülmezden dowam etdirilýär. Bu işiň talaba laýyk alnyp barylmaýandygy sebäpli, onuň töwerekdäki ilata ýetirýän oňaýsyz taraplarynyň hem bardygy habar berilýär.
Pendiniň gazym kösençlikleri

1
Ýerli ýaşaýjylaryň öz ekinlerini suwarmak üçin ulanýan bu ýabyndan suwuň gowy akmagy üçin, onuň gyrmança basan ýerleri ýörite hakyna tutulan agyr tehnika arkaly gazylyp giňeldilýär we çuňaldylýar.

2
Nowhana ýaby gazmak işleri ekinleri suwarmaly döwür göz öňünde tutulyp, irgözinden geçirilse-de, bu işiň talaba laýyk alnyp barylmaýandygy sebäpli, onuň töwerekdäki ilata ýetirýän oňaýsyz taraplary hem ýok däl.

3
Nowhananyň mellek ýerlerine ýakyn ýerleşýändigi sebäpli, ýapdan çykarylýan palçykdan depeler döreýär we töwerekdäki howlularyň haýatlary ýumrulýar. Ardylyp çykarylan läbik palçygyň ýabyň boýundaky ekin ýerlerine dökülýän gezekleri-de seýrek däl.

4
"Her gezek gazyjy traktor gelende, meniň mellegimiň haýatyny ýykyp gidýär, mellekdäki miweli baglaryma zyýan ýetirýär" diýip, käbir ýaşaýjylar aýdýarlar.