Aşgabatda käbir sürüjilere üsti tentli ýük ulaglaryny sürmäge rugsat berilmeýändigi habar berilýär. Fotosergide Aşgabadyň köçelerindäki üsti tentli ýa-da tenti aýrylan käbir ýük ulaglaryň şekilleri ýerleşdirildi.
Üsti tentli ulaglar we 'çäklendirmeler'

1
Soňky hepdelerde Aşgabadyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan üsti tentli ýük ulaglaryň saklanylýandygy habar berilýär.

2
Maglumata görä, sürüjilerden üsti tentli ulaglary sürmek üçin niýetlenen ýörite resminama talap edilýär.

3
Käbir sürüjiler şeýle resminamanyň öň hem talap edilýändigini aýdýarlar. Emma olaryň sözlerine görä, soňky hepdelerde bu talap has-da güýçlenipdir.

4
Şol bir wagtyň özünde bu talabyň näme sebäpden edil häzirki günlerde güýçlenendigi barada takyk maglumatyň berilmeýändigi aýdylýar.