Türkmenabat şäheriniň ”dört ýol” diýlip tanalýan ýolunyň ugrundaky täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlanyna bir ýyldan gowrak wagt boldy. Emma aradan ep-esli wagtyň geçendigine garamazdan, bu sebitdäki täze jaýlaryň boş durandygyny görse bolýar.
"Eýesiz" boş jaýlar

1
Türkmenabat şäheriniň ”dört ýol” diýlip tanalýan ýolunyň ugrundaky täze gurlan ýaşaýyş jaýlar, uzakdan göreniňde, meniňki bolsun diýdirýär.

2
Emma olar haýsy maksat bilen gurlan hem bolsa, gurlanyna bir ýyl geçse-de, henizem ulanyşa berlenok.

3
Göräýmäge, jaýlar ulanyşa taýýar, jaýlaryň daş töwereginde täze yşyklandyryş sütünleri dikilip, jaýlaryň howlusynda bolsa çagalar üçin ýörite oýun meýdançalary oňarylypdyr.

4
Göräýmäne, ähli amatlyklary bolan we bir ýyl mundan öň açylyş dabarasy bolan bu jaýlaryň näme sebäpden häzire deňeç ilata paýlanmandygyny anyklamak başartmady.