Aşgabat şäheriniň 10-njy etrapçasynda ýerleşýän 76-njy çagalar bagynyň haýatlarynyň sökülenine dokuz aý çemesi wagt bolandygy habar berilýär. Emma muňa garamazdan, bu ýerden sökülen haýatlaryň gurluşyk galyndylarynyň, şol sanda somalyp duran armaturalaryň heniz hem arassalanmandygyny görse bolýar. Bu bolsa, bu çagalar bagyna gatnaýan çagalar üçin howply ýagdaýy döredýär.
Çagalar bagyndaky howp

1
Aşgabadyň 76-njy çagalar bagynyň haýatlarynyň mundan 9 aý çemesi ozal sökülendigi habar berilýär.

2
Maglumata görä, bu çagalar bagynyň haýatlary täze haýat gurmak maksady bilen degişli resmiler tarapyndan sökülipdir.

3
Çagalar bagynyň töwereginde sökülen haýatlaryň gurluşyk galyndylarynyň, şol sanda somalyp duran armaturalaryň heniz hem arassalanyp, aýrylmandygyny görse bolýar.

4
Aradan ep-esli wagtyň geçendigine garamazdan, bu ýerde gurluşygyň alnyp barylmaýandygyny, çagalary gürrüňi edilýän çagalar bagyna gatnaýan ene-atalaryň käbirleri habar berýärler.