Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesinde özbaşyna ýaşaýyş jaýy bolmadyk ençeme maşgalalar şäherçäniň boş duran, awariýa halatyndaky köne jaýlaryna birugsat girip, ýaşap başlady. Adamlar bu işi alaçsyzlykdan edendiklerini aýdýarlar.
'Howply' jaýlardaky durmuş

1
Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesinde özbaşyna ýaşaýyş jaýy bolmadyk 20-den gowrak maşgala etrap keselhanasynyň, prokuraturasynyň we beýleki edaralaryň köne jaýlaryna girip, ýaşap başladylar.

2
Bu jaýlaryň ählisi çig kerpiçden gurlup, olaryň gurlanyna 70-80 ýyl boldy.

3
Jaýlaryň köpüsinde gapydyr, penjiresi ýok, suwaglary gopup ýatyr.

4
Ýerli resmileriň adamlary awariýa halatyndaky jaýdan çykarmak ugrunda gören çäreleri netije bermänsoň, olardan "Jaýa birugsat girdim. Heläkçilik ýüze çyksa, özüm günäkär" diýen ýaly mazmundaky dil hat alypdyrlar.