Prezident Berdimuhamedowyň Türkmenabada planlaşdyrýan sapary bilen baglanyşykly tas iki aýdan bäri köçeler arassalanýar, protokol köçeleriň gapdalyndaky binalar aklanylýar, olar dürli bezegler bilen bezelýär.
Lebabyň taýýarlyk çäresi

1
Köçe tarapy reňklenen, içerki tarapy öňküligine goýlan köpgatly ýaşaýyş jaý. Türkmenabat şäherindäki taýýarlyk işleri, esasanam, Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesinde göze ilýär.

2
Jaýlaryň köçe tarapyndan görünäýjek ýerleriniň reňklenip, arka tarapynyň ellenilmän goýlandygyny görse bolýar.

3
Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ýakyn wagtlarda asfaltlanan bölekleri-de häzir gaýtadan asfaltlanýar.

4
Mundan öňki gezeklerde bolşy ýaly, prezidentiň gelmegine görülýän taýýarlyklaryň uly bir bölegi bu gezegem hökümet işgärleriniň boýnuna düşýär.