Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde ýer-ýegsan edilen binalaryň gurluşyk galyndylaryndan dörän zir-zibil depelerini, tamlaryň ýumrulan diwarlaryny, harap bolan howlulary, çapylan baglaryň galyndylaryny görse bolýar. Bularyň ählisi mundan iki ýyl ozal başladylan ýykyp-ýumurmak kampaniýasynyň häzirki netijleri.
Balkan: 'Pristroýkadan' soň...

1
Balkanabat şäherinde ýykylyp, diňe diwarlary galdyrylan garažlaryň biri.

2
Şäherde ýykylan goşmaça otaglaryň biri. 2012-nji ýylda Balkanabadyň häkimiýetleri goşmaça otaglary, howlusynda garažy bolan, şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk edip bar guran raýatlara ýörite görkezme berip, olary sökmegi, ýykmagy buýurdylar.

3
Şäheriň 206-njy “A” kwartalyndaky ýykan-ýumranlyklaryň galyndylarynyň fonunda etrabyň beýleki jaýlaryndan kaşaňlygy bilen tapawutlanýan uly goşmaça gurluşyga gözüň düşýär.Käbir ýaşaýjylar, eger-de ýerli häkimiýetlere – onuň öz sözi bilen aýdylanda – “bermelisi berilse”, onda öz emlägiňi weýran edilmekden “halas” edip bolýar.

4
Häkimiýetleriň talabyna boýun bolmadyk balkanabatlylaryň emläkleri mejbury ýagdaýda agyr tehnikanyň kömegi bilen weýran edildi.