14-15-nji maýda Eýranyň Türkmensähra sebitiniň Aktokaý diýen territoriýasynda eýranly türkmenleriň ençemesiniň gatnaşmagynda "Magtymguly Pyragynyň günleri" geçirildi. Her ýyl Eýranda türkmenleriň ýaşaýan şäherlerinden, obalaryndan Aktokaý sebitine gelen türkmenler Magtymgulynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň mazarynyň başynda jemlenip, resmi bolmadyk halk dabarasyny geçirýärler. Aşakdaky fotosergide şol dabarada surata düşürilen käbir pursatlara syn edip bilersiňiz.
Eýran: 'Magtymgulynyň günleri'

1
Eýranda ýaşaýan etniki türkmenler Magtymguly Pyragy bilen onuň kakasy Döwletmämmet Azadyny Yslam rewolýusiýasyndan öň hem mazarlarynyň başynda sadakalar berip ýatlamaga başlapdyrlar.

2
Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 282-nji ýyly bellenilýär.

3

4
Eýranda ýaşaýan türkmenler "Magtymgulynyň günlerini" Aktokaý sebitinde çadyrlary gurup, beýleki çäreler bilen bir hatarda dürli tagamlary bişirip belleýärler.