17-nji noýabrda Slowakiýa we Çehiýa Respublikasy "Mahmal Rewolýusiýasynyň" 25-nji ýyl dönümini belleýärler. Berlin Diwarynyň ýumrulmagyndan sekiz gün geçensoň studentleriň kommunistik režimine garşy Pragada geçiren protestine polisiýa tarapyndan basyş görkezildi. Günüň ertesi studentler uniwersitetiň binalaryny eýeledi. Birnäçe günüň içinde ýüzlerçe müň adam köçä çykyp, noýabr aýynyň aýagynda Çehoslowakiýanyň kommunistik partiýasy erkin saýlawlary geçirmäge razy boldy. Sawlarda käri boýunça dramaturg Waslaw Hawel prezident saýlandy we ýurtda demokratiýa aýaga galdy.
1989 - "Mahmal Rewolýusiýa"

1
Ilkinji demonstrasiýa 1989-njy ýylyň ýanwar aýynda geçirildi. Çeh studenti Jan Palahyň 1968-nji ýylda sowet goşunlarynyň girizilmegine protest hökmünde özüni oda bermeginiň 20-nji ýyl dönümini bellän protestçilere polisiýa tarapyndan berk gysyş görkezildi.

2
Awgust aýynda 1968-nji ýylda goşun girizilmeginiň ýyl dönüminde has köp demonstrasiýa boldy. Kommunistik häkimiýetinde ilkinji sarsgynlar emele geldi.

3
Indiki protest 1989-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda, 1918-nji ýylda Çehoslowakiýanyň döredilmeginiň ýyl dönüminde geçirildi. Demonstrantlar Praganyň Waslaw meýdançasynda jemlenip, azatlygy we demokratiýany talap etdiler.

4
Öwrülişikli pursat 1989-njy ýylyň 17-nji noýabrynda döredi. 20 ýylyň dowamynda iň uly protest emele geldi. Müňlerçe student şäheriň merkezinden parahatçylykly ýöräp geçdi. Olar Narodni köçesinde polisiýa tarapyndan saklandy.