Türkmenistanda S.A.Nyýazowyň prezidentlik eden döwri, onuň özi bilen bir hatarda onuň ýakynlarynyň, şol sanda ejesi Gurbansoltanyň hem "waspy" edilýärdi. Emma soňky döwrür ýurtda Nyýazowyň ejesi bilen bagly simwollaryň gitdigiçe azalyp, olardan döwlet derejesinde ýüz öwrülýänligini görse bolýar.
Gurbansoltanyň kulty

1
Paýtagtda aýrylan “Ene mähri” ýadygärligi. Bu ýadygärlik 2000-nji ýyllaryň başlarynda dikilip şol wagt Nyýazowyň ejesine sejde edilýän esasy obýektiň biridi. Nyýazowyň ölümine çenli bu ýadygärlige gül desseleri goýulýardy.

2
Adalat köşgüniň öňünde goýulan Femida obrazyndaky Gurbansoltanyň ýadygärligi. 2001-nji ýylda Nyýazow “adamlaryň köpsanly haýyşlary boýunça” Adalat köşgüniň öňünde Gurbansoltan ejäniň ýadygärligi bolar diýip aýdypdy.

3
Paýtagtdaky öňki Bagt köşgüniň ady hem Gurbansoltan ejedi. Häzir bu binada paýtagtyň ZAGS-y ýerleşýär. Bu binanyň ady üýtgesede onuň köne adynyň ýazgysy hem-de onuň öňündäki Gurbansoltanyň ýadygärligi galypdyr.

4
Nyýazow döwründe “Gurbansoltan eje” adyny göteren žurnal indi “Zenan kalby” diýip atlandyrylýar.