Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda 10-dan gowrak hassahana işleýär. Hassahanalaryň ählisi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, ýagny döwlete degişli. Hassahanalara saglygyny bejertmäge we medisina barlaglardan geçmäge baran adamlar köplenç uzyn nobatlara durup garaşmaly bolýarlar. Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar hassahanalarda hödürlenýän hyzmalardan nägiledigini, enjamlaryň we dermanmlaryň ýetmezçilik edýändigini, kä halatlarda diagnozy hem goýup bilmeýändigini aýdýarlar. Sergide Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hassahanalaryň käbirlerinden suratlar hödürlenýär.
Türkmenabadyň hassahanalary

5
Çagalar hassahanasynyň howlusynda nobata duran adamlar

6
Onkologiýa merkezinde hem ýerli ilat binanyň daşynda nobatyna garaşmaly bolýar

7
Ýerli ýaşaýjylar ejir çekýän adamlar üçin hassahanlarda ýörite şertleriň döredilmändigini aýdýarlar

8
Onkologiýa merkezinde köplenç uly nobatlar bolýar