Sowet soýuzynyň esaslandyryjysy Wladimir Leninden galan zatlaryň saklanýan mawzoleýi 15-nji maýda gaýtadan açyldy. Mawzoleý abatlaýyş işleri geçirmek maksady bilen dekabr aýynda halk köpçüligine ýapylypdy. Leniniň jesedi Gyzyl meýdançadaky guburyň içinde ýerleşdirilendir. Ol ýerde abatlaýyş işleri tamamlanýança, onuň üsti wagtlaýynça gümmez bilen ýapylypdy. Bu arhiw suratlary, mawzoleýiň taryhyndaky iň wajyp pursatlaryň käbirlerini öz içine alýar.
Leniniň mawzoleýi täzeden açyldy

2
Adamlar Leniniň tabytyny äkitjek bolýarlar.

6

7
Ýewropada ikinji jahan urşy tamamlanandan birnäçe hepde soň, 1945-nji ýylyň iýun aýynda raketa atýan ençeme harby ulag Gyzyl meýdançadan geçip barýar.

10
Staliniň jesedi Gyzyl meýdançadan Kremliň diwaryna geçirilenden soň, onuň mawzoleýiniň daşyndaky “Lenin Stalin” ýazgyly daş bölegi Moskwanyň çetine geçirildi.